Döwrebap sanly ulgam ösdürilýär

26 Noýabr 2024
385

Ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, ilata durmuş taýdan hyzmat etmek ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen netijeli işler hem üstünlikli amala aşyrylýar. Sanly hyzmatlaryň ýola goýulmagy döwlet edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň innowasion görnüşlerini döredýär, işewürlik we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrýar. Munuň özi ilata, hususy pudaga hödürlenilýän döwlet hyzmatlarynyň geriminiň, raýatlaryň öz-özüne hyzmat etmek mümkinçilikleriniň giňelmegine ýardam berýär, tehnologik habarlylygy, sanly sowatlylygy ýokarlandyrýar, jemgyýet bilen edara-kärhanalaryň gatnaşyklaryny pugtalandyrýar.

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär, maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilýän döwründe döwlet syýasatynda, ilkinji nobatda, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine aýratyn uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamyň hödürleýän hyzmatlaryny sanlylaşdyrmagyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna ýetirýän täsirinden, milli hem daşary ýurt tejribesinden ugur alyp, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň edaralarynyň iş ugurlaryny sanlylaşdyrmagyň mümkinçilikleridir tehniki wezipeleri bilen bagly meseleleriň ylmy taýdan içgin öwrenilmegi örän wajypdyr.

Sähra BAÝLYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.