Şeýle at bilen Darganata etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň binýadynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Oňa etrabymyzdaky orta mekdepleriň eli çeper ýaşlarynyň uly topary gatnaşdy.
Bäsleşigiň 1-nji şertine laýyklykda oňa gatnaşyjylar el işlerine bolan höwesini, sungaty ösdürmäge goşýan goşantlaryny şygyrlaryň, aýdymlaryň üsti bilen şahyrana beýan etdiler. Bäsleşigiň 2-nji şertinde bäsdeş gyzlar alajalary örüp görkezdiler. Bäsleşigiň jemleýji, 3-nji şertinde bolsa olar türkmen milli el işi bolan alaja, onuň örülişi, ulanylyşy barada aýdymlary ýerine ýetirdiler, goşgulary, rowaýatlary täsirli aýdyp berdiler.