«Çyn güli saklasaň, müň ýylda solmaz»

20 Noýabr 2024
221

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny halkyna peşgeş bermegi akyldar şahyra goýulýan sylag-sarpanyň aýdyň beýanydyr.

Ol goşgyny bolsa Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň çeper elli halyçy zenanlary türkmen halysyna çitip, nesilden-nesle geçip, dowamat-dowam bolmagyny arzuw etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň şahyry sarpalaýan bu ajaýyp goşgusynyň milli mirasymyz bolan türkmen halysynda orun tutmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Şahyryň özi hem «Gonmak täze ýurda ýagşy, // Haly düşek törde ýagşy» diýip, türkmen halysyna uly hormat goýan şahyr.

Akjagül NURGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty.