Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyk bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleri ýörite meýilnamalar esasynda öwredilýär.
Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil bilmekleri olaryň dünýä derejesinde bilim almaklary, gözýetimleriniň giň bolmaklary üçin ähmiýetlidir. Biziň ýurdumyzda ene dili bilen bir hatarda iňlis, rus, nemes, fransuz, hytaý, ýapon, arap, pars dillerini öwrenmeklik giňden ýola goýuldy. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli künjeginde daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän orta mekdepler hereket edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen mekdeplerde dil öwrenmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.