«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024
Her ösümligiň özüne mahsus ösüş aýratynlygy bar. Ösümlikleriň käbiri bir günde 1 metr ösýän bolsa, kä ösümligiň bir garyş ösmegi üçin birnäçe ýyl gerek. Şäher ýakalarydyr seýilgählerde köp ekilýän pawlowniýa dünýäniň iň çalt ösýän agajy hasaplanýar. Adama peýdaly bolmagy bilen hem tapawutlanýan bu agajyň ýapragydyr gülleri senagatyň dürli pudaklarynda peýdalanylýar. Dik ösýän syrdam agajy bolsa gurluşyk materialy hökmünde ulanylýar. Pawlowniýa howanyň we tebigatyň hapalanmagynyň öňüni almaga hem ýardam edýär. Bu agaja başgaça «hytaý deregi» hem diýilýär. Sebäbi pawlowniýa, esasan, Hytaýda ýetişdirilýär. Şeýle bolmagyna garamazdan, bu agaç Demirgazyk ýarym şaryň ähli ýerinde diýen ýaly ekilýär. Pawlowniýanyň iň esasy aýratynlygy çalt ösýänligidir. Ekilen ýyly bu agajyň boýy 8-8,5 metre çenli ösüp bilýär. Pawlowniýa ortaça 70 ýyl ýaşaýar. Agaç kesilenden soňra, ýene gaýtadan gögerýär. Bu agaçdan mebeldir gurluşyk işleri üçin ýokary hilli tagta alyp bolýar. Pawlowniýadan alnan tagta mebel önümçiliginde, gämigurluşyk pudagynda, saz gurallaryny ýasamakda giňden peýdalanylýar.