Milliligimiziň sarpasy

13 Noýabr 2024
290

Halkymyzyň birnäçe milli gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy biziň buýsanjymyzy hasam artdyrýar. Şolar bilen bir hatarda, türkmeniň keşdeçilik sungatynyň hem şol sanawa girizilmegi aýratyn bellärliklidir. Sebäbi amaly-haşam sungatynyň has irki görnüşleriniň biri bolan keşdeçilik sungaty — gelin-gyzlarymyzyň on barmagyndan syzylyp çykyp, döwürleriň waspyny edýän sungat. Häzirki wagtda bu sungat diňe bir ýurdumyzyň çäginde ýaýraman, eýsem, dünýä döwletleriniň hem nazaryny özünde egläp bilýär. Ir wagtlar ýerine ýetirilen keşdäni görüp, şoňa görä keşdeçi zenanyň häsiýetini hem kesgitläp bilipdirler. Sebäbi gelin-gyzlarymyz bu sungaty ýerine ýetirenlerinde, öz ýürek telwasyny, duýgusyny siňdiripdirler. Keşdeçilik sungatynyň özi inçe duýgurlylygy, sabyrlylygy talap edýär. Ýönekeýje dürli sapaklardan matanyň ýüzünde ajaýyp sungaty döredip, onam toý-baýramlarda gelşirip, eginlerine geýmek diňe türkmen zenanlarynyň başarýan ussatlygydyr.

Ajaýyp döwrümizde milli mirasymyz, şol sanda gadymy keşdeçilik sungatymyz täze many-mazmuna beslenýär. Zenanlarymyz inçe el senediniň dürli usullaryna, tärlerine, gadymy nusgalara döwrebap öwüşgin berip, has-da kämilleşdirýärler. Şeýlelikde, halkymyzyň döreden gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgalarynyň biri bolan keşdeçilik sungatyny gorap saklamak, onuň gadymy nusgalaryny geljekki nesillere ýetirmek ugrunda ýola goýulýan işler hemmeleri begendirýär.

Güljemile BEDENEÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işler bölüminiň müdiri.