Aýdym-saza maýyl bolsaň

12 Noýabr 2024
261

Adam bedeni ýaşamak üçin kadaly iýip-içmäge, dem almaga mätäç bolşy ýaly, ruhy taýdan iýmitlenmäge-de zerurlyk duýýar. Aýdym-saza teşneligimiz, mahal-mahal özümiziň-de hiňlenip, joşubermegimiz hem şu sebäpli bolsa gerek. Bilermenler sazyň her adama özboluşly täsir edýändigini belleýärler.

Aýdym-saz sungaty jana ýakymly, ýüreklere ganat beriji «iýmitdir». Ol adamyň ýüregine güýç, göwnüne juwanlyk berýär, garrylygyň, tapdan düşmekligiň öňüni alýar, dertleri dep edip, özüňi duýşuňy gowulaýar, immuniteti ýokarlandyrýar. Saz diňlemek we saz gurallarynda saz çalmak, aýdym diňlemek ýa-da aýdym aýtmak — adamyň nerw ulgamyna rahatlyk berýär. Haýsydyr bir iş bilen meşgullanan pursatlarymyzda, ýolda-ýörişde göwnümize ýaraýan aýdym-sazlary diňlemek saglyk ýagdaýymyza peýdaly täsir edýär. Ol adamyň günüň dowamyndaky ýadawlygynyň geçmegine, işe başlamazdan öň diňlenende bolsa, zähmet gününe has keýpiçag başlamaga höweslendirýär. Mundan başga-da, aýdym-sazy köp diňleýän adamlaryň ýatkeşligi beýlekilerden tapawutly bolýar.

Maksat SEÝDIÝEW,
Tejen etrap hassahanasynyň bölüm müdiri.