Ýüpek ýoly — halklaryň bagtyýarlygy

10 Noýabr 2024
220

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli ulgamlary gurşap alan giň möçberli işler we beýik özgertmeler mähriban Watanymyzyň ulag-logistika ulgamynyň ösüşine giň ýol açýar. Durmuşa geçirilýän bu milli hem-de pudaklaýyn maksatnamalar makroykdysady durnuklylygyň üpjün edilmegine, şeýle hem häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýäniň iri logistika merkezine öwrülmegine gönükdirilendir. Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşyny düýpli özgertmäge, ony ölçäp bolmajak has ýokary derejä çykarmaga ýardam berýän Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň altyn halkasy bolup durýan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýol magistralynyň, Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň, Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Kerki şäherlerindäki halkara howa menzilleriniň, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, Aşgabat — Türkmenbaşy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanyň gurluşygyna badalga berilmegi döwletimiziň ulag-logistika ulgamynyň hil taýdan täze belentliklere tarap bedew bady bilen öňe ynamly barýandygynyň subutnamalarydyr. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty sebitiň iri üstaşyr geçelgesi hökmünde giňden ykrar edildi. Bu iri deňiz porty Ýewropa — Kawkaz — Merkezi Aziýa halkara ulag geçelgesiniň üstaşyr merkezine öwrüldi.

Türkmen tebigy gazynyň, elektrik energiýasynyň geografiýasyny giňeltmek we halkara derejede iberilýän möçberini artdyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Türkmenistandan Owganystana hem-de Pakistana elektrik geçiriji, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag-logistika düzüminiň köpşahaly ulgamyny döredýär. Geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özüne birleşdirer. Sözüň doly manysynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Türkmenistanda halkara geçelgeleriň we logistik ulgamlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerinde umumy tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen ylalaşykly ulag diplomatiýasy barha uly ähmiýete eýe bolýar.

Serdar ETREKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň raýat goranyşy fakultetiniň harby talyby.