Sagdynlygyň hem sportuň baýramy

8 Noýabr 2024
286

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 2-nji noýabry Türkmenistan Watanymyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň ýurdy hökmünde dünýäde gazanan at-abraýynyň täze belentliklere göterilen güni bolup dabaralandy. Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýörişiň geçirilmegi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen birlikde, şanly taryhy waka hökmünde kalplarda orun aldy.

Mälim bolşy ýaly, 25-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz möhüm ähmiýetli bu Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi, bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl Tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlamagy, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy teklip etdi.

«Türkmen sporty».