ZENAN SARPASY – TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI ÝÖRELGESI

7 Noýabr 2024
353

Halkyň bagtyýarlygy ilkinji nobatda ýurduň zenanlar baradaky üns-aladasynda, hormatynda ýüze çykýar. Munuň şeýledigine doly düşünýän zenanlar ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşynyň uly işjeň güýjüne öwrülip, döwrüň ösüşlerine seslenme bilen, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleriniň giň syýasy mazmunyny açyp görkezmäge, döwrebap başlangyçlary ýola goýmaga öz goşantlaryny goşýarlar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda zenanlara goýulýan sarpa, zenanlar baradaky edilýän işler ata-baba ýol-ýörelgelerimizden, milli däp-dessurlarymyzdan, ruhy gymmatlyklarymyzdan gözbaş alýar. Halkymyzyň kalbynyň owazyna öwrülen dessanlar, altyna gaplaýmaly nakyllardyr atalar sözleri, hüwdülerdir monjugatdylar, ajaýyp toý aýdymlary, milli şaý-sepler Watana, il-güne, mukaddes maşgala ojagyna wepaly, lebzihalal, zähmetsöýer päk ahlakly gelin-gyzlarymyzyň abraý-mertebesiniň elmydama belent tutulyp gelýändigini tassyklaýar. Türkmeniň medeniýetinde nesilleriň terbiýe mekdebi bolan zenan keşbiniň, olaryň halkymyza mahsus häsiýetli aýratynlyklarynyň mynasyp ornunyň bardygyny bellemek gerek.

Mähri NURLYÝEWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.