Dag gurşawly ýaşaýyş

5 Noýabr 2024
347

Daglar we baglar

...Bu ýaşuly bilen öz ýetişdiren baglarynyň arasynda awgustda, heniz tomus jöwzasynyň doly sowulmadyk pillesi, hakyt pişegini keşe taşlap, juwanlarça der saçyp işläp ýörkä tanyş boldum. Ata Atajanowyň «Saýaly güzer» oçerkiniň gahrymanlarynyň biri, 76 ýaşly Aşyrgeldi Rejebow meniň erjellik bilen gözläp ýören kişimdi. Şeýle işe berlen adamlaryň özümizde barlygyna guwanyp, onuň bilen ählitaraplaýyn gyzyklanyp başladym. Hawa, bu peşeneli ýaşuly tebigy döredijilikli akylydyr tapylgysyz tagallasyny il-güne peýdaly eýlemegi başaryp, ömrüni manyly amallara beslänleriň biri ekeni. Şol mahalky Türkmen politehniki institutynyň nebitçilik fakultetini tamamlandan soňra, geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda iri we meşhur saýylan gaz käni bolan “Şatlykda” işe başlap, ýurtda ileri tutulýan, döwletiň dykgat berip ösdürýän bu pudagynda iň jogapkärli wezipeleriň birinde — burawlaýjy ussa bolup 21 ýyl işleýär. Işe berlen kişi soňra, lukmanlaryň maslahaty bilen syrkaw aýalyna seretmek üçin obasyna dolanýar. Onuň hünäri boýunça iş onçakly kän däldi. Onsoň obada, öýüniň alkymynda bagçylyk bilen meşgullanyp başlaýar. Öňden ýörgünli, gowy bilinýän işdigine garamazdan, ol bu ugurda-da şobada täzeçillige ýüz urýar: Samarkanda ýörite gidip, hurma nahalyny getirýär. Synag üçin getiren 4 nahalynyň ikisi ýerlemän guran hem bolsa, galan ikisi ers-mers ösüp, häzirem bol hasyl berip otyr. Aşyrgeldi aga bagbançylyga barha içgin girişýär: şol döwür bu ýerlerde miweli baglar üçin düýpli täzelik bolan nahal sapmagy pişe edinip ugraýar. Muňa ogullary Parahatdyr Annageldi hem höwes edip, öwrenmesi juwanlara tebigy ýeňil düşen işe içgin girişýärler. Körpe ogly Annageldi-hä muny kär edinýär gidiberýär. Şeýdibem, bu döredijilikli işe werziş maşgala täze görnüşli miweleri ýetişdirmekde meşhurlyga eýe bolýar. Goňşy obada ýerleşen Nahalhana sowhozynda şeýle işler, esasan, üzümdir gülleriň synagy boýunça üstünlikli geçirilýärdi. Soňy bilen bu ylmy-önümçilik düzümi ýapylyp, şeýle işi ýene-de Rejebowlar ýaly daýhanlaryň özleri dowam etdirýärler. Paýhasdyr yhlasa ýugrulan tejribäniň örüsi giňäp başlaýar. Hatda alymlardyr hünärmenler, ylaýta-da, telekeçiler bagbandan sapylan nahallar bilen bagly degerli maslahatlary hem alýarlar. Muny bizem şeýtdik: ýazyljak temanyň dag bagçylygyna degişlidigi sebäpli, Aşyrgeldi agadan dag içindäki we golaý-etekdäki baglaryň sowuga çydamy hakda gyzyklandyk. Ol sowalyma ur-tut hem-de kesgin jogap berdi. «Sowuk urmasa bolýar, olary goramagyň alajy tapylýar: gyşyna töňňesini sarap goýmaly. Şunda subtropik ekinlerden hurmanyň ýagdaýy başga ekeni. Belli bir ýaşa baransoň, olar sowukdan gorkmaýar, gaýtam ýylsaýyn hasyl bermesi köpelýär». On bäş ýaş çemesinde ýokarda agzalan iki düýp hurmadan jemi 600 kilograma çenli hasyl alandygyny ýaşulynyň özi hem haýran galmak bilen ýatlaýar. Hawa, nar agajyndan galaba 35 kilogram töweregi hasyl alynýandygyny, ýokary bolanda, 50 — 60 kilograma ýetýändigini nazara alsaň, mundan 5 — 10 esse hasylly hurmanyň şahalarynyň häli-şindi döwülýändigi geň däl. Üstesine, agaçlygy port bolan hurmanyň şahalarynyň jaýrylmagyna ýol bermezlik hem-de miwäniň has bitginli, iri bolmagy üçin kesilen mahaly dözümli çemeleşip, hut üzümiň kesilişi kimin, gysga şaha goýbermeli. Şeýle täzelik, megerem, bu ýaşulynyň hut öz tejribesi bolsa gerek, çünki muňa heniz ylmy çeşmelerde duş gelnenok. Dogrusy, asly käri nebitçi ýaşulynyň bagbançylyga dahylly del pikirleri durşuna nep-peýda, onsoň bulary jemläp ýazylsa, ol ylmy taýdan öwrenere we amaly peýdasy bilen parhly bolardy.

Hakberdi AMANMYRADOW.
«Türkmenistan».