«Siz dogan ahyry!»

31 Oktýabr 2024
417

«Uýalar — şol bir bagyň dürli reňkli gülleridir». Bu jümläni nireden okanym ýadyma düşenok, ýöne bary-ýogy ýedi sözden ybarat sözlem mende şeýle bir täsir galdyrdy. Men şol wagt duran ýerimden, meni ugradanyna enteklerem ökünýän ýaly, haçan barsam gujagyny açyp duran şadyýan çagalygymyň geçen mährem öýüne — atam öýüme tarap ganat ýaýyp uçan ýaly boldum. Gulagyma ejem jan bilen kakam janyň gürleşýän sesleri gelse, doganym bilen ikimiziň öz soraglarymyz bilen olary gürleşmäge goýman, sözlerini bölüşimiz göz öňümde janlanýar...

Hany, akyllyja boluň-da, biri-biriňiz bilen oňşupjyk oýnaň. Siz dogan ahyry!» Bu sözler biziň çagalygymyzda gulagymyzyň ganan, soňra bolsa öz çagalarymyza nesip edip, agtyk-çowluklarymyza diýýän we diýjek sözlerimiz. «Siz dogan ahyry!» Bu sözleriň manysy hakynda oýlandygyňça doganly bolmak bagtynyň neneňsi uly hem çuňdugyna göz ýetirýärsiň.

Güljemal ANNASEÝIDOWA,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.