Türkmen alabaý iti

28 Oktýabr 2024
297

Alabaýlaryň şekiljikleri we heýkeljikleri antik we orta asyr eýýamynyň harabaçylyklarynda-da duş gelýär. 1982-nji ýylda Amyderýanyň golaýynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende b.e.öň IV we II asyrlarda ýasalan alabaý itiniň şekilleri tapylypdyr.

Alabaý iti kiçiliginden eýesini goramaga, ýagny sakçylyga ukyply bolupdyr. Türkmen alabaýlary niýetlenişi boýunça möjekçi, goýunçy, sakçy ýaly toparlara bölünýär. Osoawiahim guramasynyň gulluk itçilik komitetiniň başlygy W.L.Waýsman tarapyndan 1931-nji ýylda düzülen alabaýlaryň birinji standarty has bellärliklidir, ol alabaýyň beden gurluşyny iki görnüşe bölýär.

Daýanç SÄHEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.