Kap dagynyň Sumrug guşy

28 Oktýabr 2024
349

Her bir halkyň hakydasynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetler bolýar. Eýse, şahsyýet kim? Sözlükde bu sowala: «Şahsyýet — haýsydyr bir alamaty, sypaty bilen tapawutlanan şahs» diýen jümle bilen jogap berilýär. Ýöne göwnüme bolmasa, şahsyýet sözüniň manysy ýokarky düşündirişden has giň hem çuňňur ýaly.

Türkmen halkynyň taryhynda uly orun alan beýik şahsyýetler sanardan kän. Şol şahsyýetlerden biri hem Abu Yshak Ybraýym ibn Edhem ibn Mansur Balhydyr. Häzirki wagtda ony ilat arasynda Ybraýym Edhem diýip tanaýarlar. Ybraýym Edhem VIII asyrda ýaşap geçen meşhur alymlaryň biridir. Ybraýym Edhemiň ömri baradaky maglumatlar, esasan, rowaýatlara daýanýar. Aýtmaklaryna görä, ol Balh şäherinde doglupdyr. Akyldaryň kakasy Edhem bin Mansur Saka diýlip tanalýan eken. Saka «suwçy, suw daşaýan adam, suwkeş» diýmekdir. «Ybraýym Edhem» atly dessanda Ybraýym Edhemiň ejesiniň Balh hökümdary Mälik şanyň gyzy Melike Huban bolandygy aýdylýar. Beýleki edebiýatlarda Ybraýym Edhemiň ejesiniň adynyň Gülbün soltan bolandygy baradaky maglumatlara hem duş gelinýär. Akyldaryň ejesi soltanyň ýeke perzendi eken.

Ulugberdi HANMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Watan».