Ynsan saglygyna melhem

22 Oktýabr 2024
379

Lukman Arkadagymyzyň güneşli Diýarymyzyň keremli topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriň ynsan saglygyna peýdaly melhemlik häsiýetleri barada giňişleýin maglumat berýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň XVI jildi ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykdy. Bu täze kitap diňe bir lukmanlaryň ýankitaby bolman, eýsem, halk köpçüligi üçin hem gymmatly gollanmadyr.

Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik kitaplary dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli bolup, ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Bu köp jiltli ylmy-ensiklopedik eser ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip, türkmeniň milli gymmatlygyna öwren halk lukmançylygyny, tebigy melhemler babatdaky garaýyşlaryny dünýä ýaýdy. Mundan başga-da, häzirki wagtda saglygy goraýyş edaralarynda bu kitaplarda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary hödürleýän fitobarlar hereket edýär.