«Soltan» Awazada

20 Oktýabr 2024
380

Awazadaky «Soltan» restorany deňziň kenarynda dynç alýanlaryň söýgüli ýerine öwrüldi. Restoran myhmanlaryň özlerini oňaýly duýmagyny göz öňünde tutup, olar üçin iň rahat dynç alyş gurşawyny hödürleýär. Bu ýer diňe bir gözel künjekde ýerleşiş aýratynlygy bilen däl-de, eýsem, ajaýyp tagamlara baý aşhanasy bilen hem meşhurdyr. «Soltanda» nusgawy Ýewropa tagamlaryndan başlap, Gündogaryň däbe öwrülen naharlary, şeýle-de dünýäniň dürli aşhanalaryna degişli tagamlar taýýarlanylýar. Bu ýere gelen her bir myhman özüniň islän tagamyny tapyp bilýär.

Restoranyň aşhanasynyň esasy bölegini deňiz önümleri we balykdan taýýarlanylýan naharlar tutýar. Onda taýýarlanylýan balyk tagamlaryndan mangalda bişirilen steýk, osetrinadan kebap, gowrulan sazan, ýeralma püreli ýa-da tüwüli, kedr hozly sudak filesi, mangalda ýa-da howurpeçde taýýarlanylan kefal we beýlekileri mysal getirmek bolar. Şeýle-de bu ýerde süýjülikleriň dürli görnüşleri, şonuň ýaly-da islege görä süýji tagamlardyr desertler taýýarlanylýar.

Sahypany taýýarlan: Gurbandurdy Orazow, «Biznes reklama».