Gadymyýeti yzlan Alym

19 Oktýabr 2024
452

Türkmen topragyna ykbalyny baglap, oňa yhlas edenleriň sarpasy hemişe belent tutulýar. Ýakynda, 16-njy oktýabrda Milli «Ak bugdaý» muzeýinde meşhur alymlar, arheologlar, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýeleri Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk hem muny ýene bir gezek tassyklady.

Wadim Mihaýlowiç Masson diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde belli alymdyr. Bu görnükli alym tarapyndan Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerinde ýüze çykarylan tapyndylar dünýäniň beýik açyşlarynyň hazynasyna girýär.

Ejegül MYRADOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory.