Dünýäniň iň täsin buzlugy

15 Oktýabr 2024
416

«Dünýäniň iň owadan buzlugy» ady bilen meşhurlyga eýe bolan Argentinanyň Santa-Krus welaýatynyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Los-Glasýares milli seýilgähiniň çägindäki Perito-Moreno buzlugy ajaýyp tebigy ýerleriň biridir. Deňi-taýy bolmadyk bu owadan sebit El-Kalafat şäherinden 78 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Meýdany 250 inedördül kilometr bolan Perito-Moreno buzlugy tutuş dünýäde süýji suwuň ätiýaçlyk gorunyň saklanyş göwrümi boýunça Antarktidadan we Grenlandiýadan soň, 3-nji orunda durýar. Bu buzluk Argentina we Çili döwletleriniň araçäginde, Argentina kölüne ýanaşyk ýerde ýerleşýär.

Buzlugyň ady argentinaly tebigaty öwreniji alym Fransisko Paskasio Morenonyň ady bilen baglanyşdyrylýar. Bu alym ilkinji bolup, XIX asyrda bu sebiti öwrenipdir. Perito-Moreno buzlugynyň ininiň iň giň bölegi 5 kilometr. Buzluk suwuň tekizlik derejesiniň üstünden 50 — 60 metr beýiklikde ýerleşýär. Onuň ortaça çuňlugy 170 metr hasaplanyp, iň çuň ýeri 700 metre aralaşýar. Buzluk soňky 90 ýylyň dowamynda öz agramyny üýtgetmezden saklap gelýär. Ylmy çeşmelerde berilýän maglumatlara görä, Perito-Moreno buzlugynyň ýaşy 30 müň ýyl. Buzluk tutuşlygyna alnanda syrçalanan mawy reňklidir, onuň käbir ýerlerinde bolsa garamtyl çal ýa-da ak öwüsýän tegmiller bar. Buzlukdan hemişe şyggyldy sesleri eşidilip durýar. Bu buzluk öz meýdanynda hemişe hereketdedir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Gülşat MÄTIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.