Bäs­le­şi­giň je­mi jem­le­ndi

9 Oktýabr 2024
486

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz ösüşlerden-ösüşlere beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlarymyz toýlara ulaşýar. Şu ýylymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylyp, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň çuň mazmunly goşgularyny, öňe süren ideýalaryny, pikirlerini öwrenip, dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Şu ajaýyp döwrümizde akyldar şahyryň şahyrana setirlerde beýan eden arzuwlary hasyl boldy, türkmen halky berkarar döwletde erkana ýaşaýar, gurýar, döredýär. Munuň özi, ýaş nesiller üçinem görüm-göreldedir, nusgalyk mekdepdir.

Žurnalymyzyň 2024-nji ýylyň 2-nji sanynda habar berşimiz ýaly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen «Garagum» žurnalynyň redaksiýasy bilelikde ýaşlaryň arasynda «Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy — pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edipdi. Oňa ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýaşlarymyz seslenip, öz şygyr we kyssa eserlerini redaksiýamyza ýolladylar. Bilim alýan, hünär öwrenýän, dürli pudakda zähmet çekýän ýaşlaryň birnäçesi gatnaşdylar. Olaryň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine, şahyrana dünýäsine degişli hem-de öňe süren ynsanperwer ideýalaryndan ruhlanyp ýazan eserleri «Garagum» žurnalynyň üstümizdäki ýylda çykan 3-nji we 4-nji sanlarynda çap edilip, okyjylar köpçüligine ýetirildi.

«Garagum».