Bagtyýar durmuşyň girewi

2 Oktýabr 2024
349

Ynsan saglygyny goramak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil nesilleri kemala getirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda döredilýän şert-mümkinçilikler munuň aýdyň kepilidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  asylly maksatlara gönükdirilen taryhy tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda iň gymmatly baýlygymyz bolan saglygymyzy goramakda ýetilýän sepgitlerem nusgalykdyr. Ilatyň saglygyny berkitmekde, bedenterbiýäni hem-de sportuň dürli görnüşlerini wagyz etmek arkaly keselleriň öňüni almakda, ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki zaman bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň, şypahanalaryň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, dürli sport desgalarynyň, ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň hataryny artdyrmakda gazanylýan üstünlikler her birimizi buýsandyrýar. Berkarar Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýola goýmakda, keselleriň öňüni almakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny ýokarlandyrmakda, halkymyzyň bagtyýar durmuşyň hözirini görmegini üpjün etmekde ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys. 

Höwäs ANNABERDIÝEW,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby.