Dowamat tapýan döwletli ýörelgeler

1 Oktýabr 2024
392

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde geljek ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy, il-ýurt bähbitli çözgütler kabul edildi. Ýurdumyzyň raýatlary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň bu taryhy maslahatda eden çuň manyly, maksatnamalaýyn çykyşlarynda beýan edilen täze wezipeleri biragyzdan we doly goldaýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris» diýen sözleri bolsa, ähli watandaşlarymyzy buýsandyryp, täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşynda ýurdumyzyň durmuşyna degişli beýleki örän wajyp meseleler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň baky Bitarap döwlet hökmünde halkara derejesinde alyp barýan işleri, gazanýan üstünlikleri hem mynasyp beýanyny tapdy. Hakykatdan hem, şu ýyl ýurdumyz üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde netijeli ýyllaryň biri boldy. 2024-nji ýylyň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen ady buýsanç bilen göterýändigi barada bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gündogaryň beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli oktýabr aýynda geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumynyň, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň şanyna guraljak beýleki giň gerimli çäreleriň dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da ösdürjekdigine berk ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda döwletimiziň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bolan ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Geljekde türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny, çaga sallançagyny bejermegiň däplerini we hüwdini ýerine ýetirijilik sungatyny guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin degişli işleri geçirmek, şeýle hem gadymy Änew medeniýetiniň Altyndepe we Ulugdepe ýaly ösen merkezlerini, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen gadymy Dehistanyň arheologik ýadygärliklerini, Köýtendagyň dag ekoulgamyny Bütindünýä mirasynyň sanawyna; Arkadag şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna, onuň bilim edaralaryny bolsa guramanyň assosirlenen mekdepler toruna girizmek üçin zerur işleri alyp barmak wezipelerine ünsi çekdi.

Sapardurdy ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri, Lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.