Geňeşli salamat bolar

5 sagat öň
7

Agzybirlik we jebislik biziň jemgyýetimiziň esasy gymmatlyklary, döwlet berkararlygymyzyň synmaz sütünleri bolup, ýurdumyzda uly ösüşleriň gazanylmagynda, halkymyzyň bähbidine, röwşen geljegine gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm orna eýedir. Şunda il agzybirligini alamatlandyrýan möhüm jemgyýetçilik-syýasy platformanyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän çözgütleriň ähmiýeti örän uludyr.

Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasy bilen başy başlanan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän beýik işleriň netijesinde ýurdumyz ähli ugurlar boýunça uly ösüşlere beslenýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan toýlaýan ildeşlerimiz mynasyp zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyny garşylaýar. Bu ajaýyp wakanyň öňüsyrasynda — 24-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsa milli ýörelgelerimiziň şöhratlanýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüler.

Oguldurdy DERÝAGULYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.