Döwrebap aragatnaşyk binasy

6 sagat öň
17

Ýakynda Tagtabazar etrabynyň Tagtabazar şäherçesinde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň etrap bölüminiň iki gatdan ybarat, dünýä ölçeglerine gabat gelýän täze binasy gurlup ulanmaga berildi. Bu binada media hyzmatlaryny aňsatlaşdyrmak üçin täze sanly hyzmatlar girizildi. «Belet film» onlaýn kinoteatr platformasy dürli filmleriň, teleseriallaryň, multfilmleriň, dokumental filmleriň giň ýygyndysyny bir saýtda jemlemek bilen onlaýn kinoteatry bolup hyzmat eder. «Älem TV» hyzmaty giňeldilip, dünýäniň dürli we meşhur teleýaýlymlaryny özünde jemleýär.

Täze binanyň açylyş dabarasynda çykyş edenler hormatly Prezidentimize ajaýyp döwrebap binany gurduryp berendigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar. Binanyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýazdurdy ABDYRAHMANOW,
TKA-nyň Tagtabazar etrap birleşmesiniň başlygy.