Maşgalam — baş galam

18 Sentýabr 2024
637

Her bir maşgala çaga üçin durmuşy mekdepdir. «Agaç miwesinden, ynsan balasyndan tanalar» diýen pähimi durmuş eleginden geçirip gelýän halkymyz perzendine, onuň edep-terbiýesine, aň-paýhasyna örän ähmiýet beripdir. Bu ýörelge milli däp-dessurlarymyzda, yrym-ygtykatlarymyzda hem aýdyň şöhlelenýär.

Ýagty jahan bilen tanşan gününden başlap, ene-mamalarymyzyň çaga üçin edýän arzuwlarynda, heňe salýan owazly hüwdülerinde çaganyň geljekki durmuş menzilleri dogrusynda ýagşy umyt-arzuwlar beýan edilýär. Halkymyzyň perzendine bolan söýgüsini çagasy üçin tutýan toýlarynda, onuň üçin edýän bimöçber aladalarynda görmek bolýar.

Bahar MEREDOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.