Güneşli Diýarymyzyň ösüşlere beslenip, Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuna barýan häzirki günlerinde amala aşyrylýan işler il-günümiziň şatlygyny has-da belende göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Arkadag şäherine bolan iş sapary hem halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy baradaky aladanyň näderejededigini şöhlelendirdi.
7-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we «akylly» şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.