Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen türkmen-owgan serhedinde täze desgalaryň açylyş we düýbüni tutmak dabaralary hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gadymy ýollaryny arçady. Taryhdan belli bolşuna görä, türkmenler goňşy halklar bilen agzybirlikde, dost-doganlykda hoşniýetli gatnaşyk saklap ýaşapdyrlar. Şeýle goňşy ýurtlaryň biri hem Owganystandyr.
Owganystanyň geografik ýerleşişi türkmenler üçin dürli döwürlerde amatly hasaplanypdyr. Türkmenler owgan halkyna hemişe hormat goýupdyrlar. Türkmen-owgan dost-doganlyk gatnaşyklary gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bu gatnaşyklar orta asyrlarda has-da ýygjamlaşyp, Owganystan türkmenler üçin üstaşyr ýurt hasaplanypdyr. Munuň netijesinde türkmenler Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana aşypdyrlar.