Amulyň seladon gaplary

11 Sentýabr 2024
548

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda, «Milli taryhy-medeni mirasyň taryhy obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Şol maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak üçin, milli taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge giň ýol açyldy. Ylaýta-da, milli medeni mirasymyzy goramak we dikeltmek babatynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklar anyk ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär. Aýratyn-da, häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan bu gatnaşyklary berkitmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan — Garagum geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän arheologik ýadygärlikleriň birnäçesi, şol sanda Amul galasy 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy.

2024-nji ýylyň ýazynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň we Lebap welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmenabat şäherinde «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa gatnaşyjylar Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp, degişli tapyndylar bilen tanyşmak bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň Amulyň senetçilerine ýetiren örän uly täsirini öz gözleri bilen görmäge mümkinçilik aldylar. Tapyndylaryň arasynda syrçasy çalymtyl-ýaşylrak reňkli käseleriň bölekleri aýratyn uly gyzyklanma döretdi. Şeýle gaplar gadymy Hytaýda döräp, Ýewraziýa ýurtlaryna getirilip uly isleg bildirilen, «seladon» diýlip atlandyrylan gymmat bahaly farfor gaplary bolup, Amuldan tapylan käse bölekleri şolaryň öýkünmesidir.

Nurgözel BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri.