Döwrüň bagtly enesi

5 Sentýabr 2024
688

Enä barýan ýol... Bu ýoluň sogaby, ýakymy, ýalkawy barada näçe gürrüň etseňem, az görünýär. Bu ýoly her bir ynsan balasy özüne mukaddes saýýar. Bu ýola düşen badyňa ýadawlyk diýen zatdan nam-nyşan galmaýandygy barada köp gezekler oýlanýarsyň. «Ejemlere barýaryn!» diýip, göwnühoş halda töweregiňe mähir bilen bakýansyň. Hamana diýersiň, bu ýol ene paýhasyna eýlenen müdimi nesihatlardan nemlenen ýalydyr. Mähriban käbäňiň mylaýym sesi, ruhuňa medet berýän mylakatly keşbi seni bu barlykda bagtly edýändir.

Şol gezek goýny 360 pirli toprakda döredijilik toparymyz bilen iş saparynda bolan günlerimizde welaýatyň uzak ýaşly enesi bilen didarlaşyp, onuň baý durmuş tejribesi barada söhbetdeş bolmak üçin ýola düşenimizde göwünler şeýle ahwallar bilen doludy. Bize ýolbelet bolup barýan Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni Güljemal Nazarowanyň gürrüň bermegine görä, Äşe Babaýewa 1932-nji ýylda dünýä inýär. Ömrüniň köp bölegini ýaşlara bilim-terbiýe bermäge bagyş edýär. 1956-njy ýylda ýanýoldaşy Ata Karaýew bilen Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 22-nji orta mekdepde mugallym bolup zähmet ýoluna başlaýar. Agzybir maşgalada 4 gyzy, 2 ogly terbiýeläp ýetişdirýärler. Ajaýyp zamanamyzda ene 21 agtygyna, 42 çowlugyna guwanýar.

Amangül NURMYRADOWA,
«Zenan kalby».