Guýyny özleşdirmekde iki fazaly köpürjik usulyny önümçilige ornaşdyrmagyň ähmiýeti

26 Awgust 2024
550

Häzirki wagtda ýurdumyzda işlenip geçilýän iri gazkondensat ýataklarynyň biri bolan Döwletabat gazkondensat käninde çykarylan tebigy gazyň göwrümine baglylykda başlangyç gatlak basyşy ep-esli derejede aşak düşdi. Bu ýagdaý bolsa, öz gezeginde, ulanyş guýularyny özleşdirmekde düýpli meseleleri ýüze çykardy. Pes gatlak şertlerinde guýyny suw ýa-da toýunly ergin bilen basmarlamak guýularyň önüm berijiligini peseldýär.

Guýulary özleşdirmek we düýp çuňluk zolagy işlemek üçin köpürjik ulgamyny ulanmak has amatly diýlen netijä gelindi we ežektorly köpürjik generatory ulanmak peýdaly diýlip hasap edildi. EG-1 gaz ežektoryny kämilleşdirmek ýoly bilen gazsuwuklyk ežektory, ýagny ežektorly generator işlenip taýýarlandy. Iki fazaly köpürjik usul Döwletabat gazkondensat ýatagynyň 986-njy, 989-njy, 519-njy belgili ulanyş guýularynda önümçilige ornaşdyrylyp ulanyldy.

Sapargylyç DURDYGYLYJOW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri.