Futbol boýunça Türkmenistanyň Milli çempionatynyň 3-nji aýlawyna badalga berildi. «Ahal» – «Aşgabat» duşuşygy bilen başlan 3-nji aýlawda, has takygy, 19-njy tapgyrda geçirilen 3 duşuşykda 11 gol geçirildi.
Sanawyň lideri «Arkadag» topary öz meýdançasynda «Şagadam» toparyny 5-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda ilkinji bolup hasaby myhmanlar açdy. Oýnuň 23-nji minutynda Hydyrgeldi Atjanow «Şagadamy» öňe saýlady. 31-nji minutda Didar Durdyýew bellenen 11 metrlik jerime urgusyny dürs urup, hasaby deňledi. 45-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew tapawutlanyp, ýer eýelerini öňe çykardy. 2-nji ýarymda-da «Arkadag» topary 3 gol geçirdi. Şol gollary 60-njy minutda Şanazar Tirkişow, 66-njy minutda Arslanmyrat Amanow hem-de 85-nji minutda Mirza Beknazarow öz atlaryna ýazdyrdylar.