«Keýikli» kyssa

22 Awgust 2024
618

Gepiň-sözüň alyşýan adamlaryň bolaýmasa, käte bilýän zadyň hakynda sorasalaram, näme üçindir, gürrüň beresiň gelmeýär. Emma Hudaýguly aga ýaly agramly-aňly biri çyny bilen haýyş etse welin, gadyrymy gaçyrmaýyn diýip, ozal aýdyp beren wakaňam bolsa, ýamaşgandan, howlukman, seljerip-saýhallap gürrüň bermeli bolýar...

— Hany, «Keýikli» kyssany ýene bir sapar aýdyp bersene, bularam eşidip galsyn — diýip, köne aşnam maňa soragly nazaryny dikýär. Soň ol «Ähem-ühem» edip, töwerekdäki oturanlara-da: «Hany, ümsümräk bolalyň!» diýen manyda birlaý gözüni aýlaýar-da:

Ahmet HALMYRAT.