«Beýik ynsan asyr saýyn adygýar»

12 Awgust 2024
689

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
 — Mähriban kyblamyň ömür ýoly — maňa nusgalyk ýol, onuň asylly, beýik ahlak sypatlary meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim.

Beýik ynsan Mälikguly Berdimuhamedow özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş edip, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Milli Liderimiziň «Döwlet guşy» atly romanynda öz mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň çeper keşbi juda täsirli beýan edilipdir. Bu ajaýyp eserde il-güni üçin jan aýaman zähmet çekip, iliň agysyna aglan, iliň gülküsine begenen päk ýürekli ynsanyň Watanyň asudalygy, geljek nesilleriň sagdyn bolmagy hem-de döredijilik hakdaky pikirleri çuň manyly beýan edilipdir.

«Arkadag»