Deňziň kenaryndaky dostluk owazy

7 Awgust 2024
605

Mälim bolşy ýaly, häzirki günlerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çäreleri dowam edýär. Ozal hem habar berlişi ýaly, oňa ýurdumyzyň we Russiýa Federasiýasyndan gelen zehinli mekdep okuwçylary gatnaşyp, dynç alyş günlerini şadyýan geçirýärler. Olar sportuň kenarda oýnalýan görnüşleri bilen bir hatarda, türkmen milli oýunlaryny oýnap, milli medeniýetimiz bilen giňişleýin tanyşýarlar.

6-njy awgusta Awazada dynç alýan çagalar ajaýyp deňiz kenarynda sportuň futbol, woleýbol, tanap çekmek ýaly toparlaýyn we kenarda oýnalýan görnüşleri bilen meşgullandylar. «Ýaglyga towusmak», «Çilik» ýaly türkmen milli oýunlary Russiýadan gelen myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Olar türkmenistanly deň-duşlary bilen oýunlaryň bu görnüşleri arkaly wagtlaryny şadyýan geçirdiler. Şunuň ýaly çaga oýunlary gadymy döwürlerde diňe güýmenje bolmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuşyň özboluşly sapaklary, çagalary durmuşa taýýarlamagy maksat edinen özboluşly mekdep bolup hyzmat edipdir. Türkmeniň milli oýunlary ýaşlarda we çagalarda berk bedenliligi, sagdynlygy, çalasynlygy terbiýeläpdir. Medeni-köpçülik we sport çäreleriniň çäklerinde küşt, şaşka, düzzüm boýunça geçirilen ýaryşlar ösüp gelýän nesliň pikirleniş ukybyny artdyrmaga, aň-paýhas derejesini ýokarlandyrmaga kömek edýär.

Begli ABDYKADYROW.
Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.