Binagärligiň ussady

2 Awgust 2024
762

Ak mermere beslenip oturan gözel paýtagtymyzyň köçelerinden ýöräp barşyňa, daş-töweregiňdäki kaşaň-kaşaň, biri-birine meňzemeýän, milli öwüşginli binalary synlap, ynsanyň döredýän gözelliklerine haýran galýarsyň. Mukaddeslikleriň sanawyna girýän bina gurmak ýaly asylly iş nesillere ýadygär bolýar. Şu zatlar barada pikirlenenimde, zenan synçylygy, duýgurlygy bilen täsinlikler dünýäsini döredýän zenanlar ýadyňa düşýär. Eýsem, ajaýyp sungat eserleri bilen özüni dünýä meşhur eden bu zenan kimkä?

Kazuýo Sejima 1956-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Ýaponiýanyň Ibaraki ülkesinde dünýä inýär. Agaç ussaçylygyny edýän atasynyň binagärlik we dizaýn işlerini synlamak ýaşajyk Kazuýo uly täsir edýär. Ol Ýaponiýanyň Zenanlar uniwersitetinde okaýar. Binagärçilik hünärini has içgin öwrenmegi, onuň daş-töwerek bilen yzygiderli garyşýan giňişlikleri döretmäge bolan höwesini artdyrýar.

«Zenan kalby».