Gelnejem — gelen ejem

24 Iýul 2024
591

Tomsuň jöwzaly günleri öz hökümini ýöredýär. Ol baglardaky ir-iýmişleri ballar kimin akdyrdy. Bu döwürde oba durmuşy has-da gyzykly bolýar. Her kim ir säher bilen turup, baglardaky miweleri, ekinlerdäki gök önümleri howanyň salkynynda ýygnaýarlar. Arylar, kebelekler, garynjalar hem adamlar bilen deňine hereket edip, olar hem özleri üçin iýmit ýygnaýarlar. Bu pasylda gijeleriň pursady juda az. Gün çaltlyk bilen dynjyny alyp, al-asmana galmak bilen bolýar. Soňra ýiti naýzalaryny Zemine dikýär.

Ir bilen günortanlyk naharyny taýýarlap, başagaý bolup ýörşüme duýgularyň dünýäsine berildim. Ýakymly ýatlamalar meni çagalygyma sary alyp gitdi.