Ynsan mertebesini saklaýan we ony belende göterýän däp-dessurlar hiç wagt könelmeýär hem-de öz ähmiýetini ýitirmeýär. Elbetde, şol asylly däpleriň iň ähmiýetlisi hem ata-enäni hormatlamak edebidir.
Durmuşda her bir ynsan öz nobatynda atadyr ene bolmaly. Has dogrusy, ata-ene perzendiň asly bolup durýar. Perzendi ekläp-saklamak, edep-terbiýe bermek, öýli-işikli etmek, gör, näçe zähmeti talap edýär?! Bu zatlaryň öwezini dolmak üçin perzent bütin ömrüne ata-enesine hyzmat etmeli. Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça-da gylyk-häsiýetiň bolşy ýaly, her bir çaganyň hem dürli gylyk-häsiýeti bolýar. Muňa garamazdan, ata-eneleriň hemmesi öz çagalaryny eý görýärler. Şonuň üçin-de perzent öz aslyna — ata-enesine hormat goýmalydyr, perzentlik borjuny berjaý etmelidir. Ata-ene, perzent gatnaşyklaryndan edilýän talaplar durmuşdan alnyp, ata-babalarymyz tarapyndan kämilleşdirilip, nesilden-nesle geçip, halkymyzyň asylly däplerine öwrülipdir. Türkmenleriň perzentlik borjy hakynda gürrüň edilende, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginde bu asylly ýörelge görnetin şöhlelenýär. Çünki onuň «Wagzy — Azat» atly eserinde perzendiň ata-enäniň öňündäki borjy anyk beýan edilýär.