Kämillik ýolundaky körpeler

4 Iýul 2024
422

Döredijilik işi, hususan-da, şygyr ýazmak çäksiz yhlasy, irginsiz, hysyrdyly zähmeti, egsilmez ylham-joşguny, pikir gözleglerini, özboluşly beýan ediş usullaryny, edebiýatyň esaslaryny gowy özleşdirip, kämilleşmegi talap edýär. Döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlara şygryýet äleminiň şeýle kämillik ýolundan geçmek wajyp bolup durýar. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň nygtaýşy ýaly: «Hiç kime meňzemeýän ýoly agtarmalam, tapmalam. Şonda öz ýüzüňi görkezip bilýäň, okyjynyň ünsüni çekip bilýäň». Halypa şahyryň belleýşi ýaly, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarymyzyň her biri şygryýet äleminde öz ýol-ýodalaryny tapmaga çalyşmalydyr. Gahryman Arkadagymyz döredijilik işgärleri bilen geçirýän duşuşyklarynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmek meselesine hemişe ünsi çekýär. Köp okamak, öwrenmek, yzygiderli döretmäge çalyşmak dörediji ýaşlarymyzy kämilleşdirýän şertleriň biridir. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan, döredijilik işini öz ykballarynyň bir bölegine, ömürleriniň manysyna öwürmegi maksat edinýän ukyp-başarnykly ýaşlarymyzyň az däldigi bizi örän guwandyrýar. Ummanyň suwunyň tagamyny bilmek üçin  ondan birje owurt datmagyň ýeterlik bolşy ýaly, okyjylaryň dykgatlaryna hödürleýän bu goşgularymyz olaryň döredijilik özboluşlylygyny görkezjekdigine ynanýarys.

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW,
«Adalat».