MIWELI BAG — RYSGAL-BEREKET ÇEŞMESI

30 Iýun 2024
744

Bazarlarymyzda we söwda merkezlerimizde gök-önümleriňdir miweleriň bolçulygyny göreniňde gözüň guwanýar. Tomsuň ilkinji günlerinden bäri duýulýan bu bolçulyk ýylyň rysgal-bereketli gelip, babadaýhanlaryň yhlasynyň ýerine düşendigini tassyklaýar. Tebigy şertler bilen birlikde, bu bereket-bolçulygyň ýene bir sebäbi bar. Ol hem ýurdumyzyň oba senagat toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän özgertmeleriň çäklerinde daýhanlara, şol sanda ekerançylyk bilen meşgullanýan hususyýetçilere berilýän uly goldaw bilen baglanyşyklydyr.

Birnäçe ýyl mundan ozal, dürli ekinleri ösdürip ýetişdirmäge girişmek bilen, miweli agaçlaryň müňlerçe nahalyny oturdyp, topraga yhlas siňdiren hususyýetçileriň toplaýan tejribesi bu günki gün ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam edýär. Rysgalyny toprakdan gözläp, ilkinjileriň hatarynda — 2016-njy ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde miweli baglaryň müňlerçe düýbüni oturdan telekeçi Ahmet Jumabaýewiň gazanýan üstünlikleri hem sözümizi doly tassyklaýar.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Biznes reklama».