Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak, ony dünýä ülňülerine kybap getirmek ugrunda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim ojaklarynyň döwrebap binalary gurulýar, iri ugurdaş merkezler, halkara guramalar we gaznalar bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylmyň we önümçiligiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmegi, olaryň özara baglanyşygyny berkitmegi, innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamaga ýaşlary işjeň çekmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitleýär. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 1-nji martynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezini döretmek hakynda» Karara gol çekmegi ýurdumyzyň ylym-bilim we tehnologiýalar ulgamlarynda taryhy ähmiýetli wakadyr. Bu merkeziň esasy maksady ýurdumyzda we sebitde nano, bio we maglumat tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk, emeli aň we kompýuter, mobil programmalary, elektron enjamlaryň tehnologiýalary ýaly ugurlarda innowasion önümleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.