Dünýä medeniýetiniň baýlaşmagynda edebiýatyň ägirt uly söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlary saldamly goşant bolup, onuň döredijiliginde milletimiziň ruhy baýlyklary aýdyň şöhlelenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilmegi edebiýat ylmynda nusgawy şahyrlarymyzyň edebi mirasyna gyzyklanmany artdyrdy. Nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlarynyň pelsepe-taglymat gymmatlygynyň nesilleri ata-babalarymyzyň ruhlaryna ygrarly edip terbiýelemekde ähmiýeti ýokarydyr. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz jöwher paýhasyndan dörän «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly eserinde şeýle ýazýar: «Geçen döwürler bize beýik ussatlary berdi. Biziň Nesimi, Ýunus Emre, Garajaoglan, Andalyp, Magtymguly, Mollanepes, Zelili, Seýdi, Mylly Täçmyradow, Bäşim Nuraly, Berdi Kerbabaýew, Weli Muhadow, Yzzat Gylyjow, Alty Garlyýew, Nury Halmämmedow, Gurbannazar Ezizow ýaly beýik ussatlarymyz bar. Biziň wezipämiz olaryň ýoluny mynasyp dowam etdirjek ýaşlary taýýarlamakdan we terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr». Gahryman Arkadagymyzyň juda jaýdar belleýşi ýaly, ussatlaryň bize galdyran eserlerinde asyrlar içre kämilleşip gelen watansöýüjilik, ynsanperwerlik, milli baýlyklarymyza sarpa hem milli terbiýeçilik mekdebiniň ahlak-edep kadalary ömür dowamatyny tapýar. Ol eserler biziň ylham çeşmämizdir. Şeýle ajaýyp mirasy galdyran nusgawy şahyrlarymyzyň biri hem Garajaoglandyr.
Ol öz dogduk Diýaryndan aýra düşen, ýöne gadymy türkmen pähim-paýhasyny dünýäde dabaralandyran şahyrdyr. Ylmy maglumatlaryň tassyklaýşy ýaly, juwanlara paýhas, gojalara kuwwat, aşyk-magşuga yşky-söýgi beriji şygyrlary bilen dünýä edebiýatynyň ösüşine uly goşant goşan, dili senaly, eli sazly Garajaoglan şahyr Orta Aziýa, Alynky Aziýa, Kawkaz ülkelerinde, Balkan ýurtlarynda giňden tanalýar. Şoňa görä-de, saz çalyp, öz şygyrlaryna aýdym düzüp, milli ozançylyk däbimizi dabaralandyran beýik şahyry türkmen-de, türk-de, azerbaýjan-da, goňşy özbek, gazak, gyrgyz kowumdaşlarymyz-da eý görýär. Şeýdibem, şahyryň ajaýyp eserleri bu ülkeleriň il-uluslarynyň özara ýakynlaşmagyna ýardam berýär. A.Hadzko Garajaoglanyň eserleriniň üçüsini türkmen bagşylarynyň dilinden ýazyp, 1833-nji ýylda Ýewropa okyjylaryna ýetiripdir. Garajaoglan şygyrlarynda Türkmenistanyň çäklerinde duş gelýän Soňydag, Egridag, Müňboga, Çukuroba, Gökje, Gazanjyk ýaly ýer-ýurt atlary ýygy-ýygydan duş gelýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde şu şygyr setirlerini agzamak mümkin: