Türkmenistanda hokkeý «Galkan» bilen galkynýar

17 Aprel 2024
641

Mälim bolşy ýaly, 15-nji aprelde paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyna badalga berildi. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly taryhy wakalara beslenýär. Bu ýylda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi hem ýurdumyzyň sport abraýyny has-da şöhratlandyrýar. Häzirki halkara sport ýaryşyna 10 döwletiň hokkeý toparlary gatnaşýar.

Rejepgeldi ALLAMYRADOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».