Sanly ulgam ösdürilýär

16 Aprel 2024
1209

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda ýaşlar baradaky alada, ýaş nesliň oýlap tapyjylygy, döredijiligi we olaryň zähmete höweslendirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerinde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda hünärli, bilimli ýaşlary täze, döwrebap iş orunlary bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Häzirki döwür — dünýä giňişliginde sanly kommunikasiýalaryň durmuşyň ähli ulgamlarynda barha giň gerim alýan döwri. Munuň özi halkara gatnaşyklara, ykdysady aragatnaşyklara, dünýä söwdasyna, maglumat alyşmaga gönüden-göni täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, ykdysady ösüşi yzygiderli ilerletmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen aýrylmaz baglydyr.

Myrat NURMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.