Fijital — döwrüň täzeçilligi

15 Aprel 2024
674

Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi innowasion tehnologiýalaryň ägirt uly ösüşini başdan geçirýär. Ylmyň, tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli pudaklaryna ymykly ornaşmagy bilen häsiýetlendirilýän bu döwür sporta hem özüniň güýçli täsirini ýetirýär. Munuň özi diňe bir ýaryşlarda innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagynda ýüze çykman, eýsem, sportuň täze görnüşleriniň hem peýda bolmagyna getirýär. Olaryň arasynda iň tehnologiýalaşdyrylan sport görnüşi hökmünde fijital sportuny görkezmek bolar. Ýüze çykanyna kän wagt geçmedik bolsa-da, eýýäm dünýäniň ençeme ýurdy ony sport görnüşi hökmünde ykrar etdi. Munuň sebäbi fijital sportunyň muşdaklarynyň dünýä ýüzünde gitdigiçe artýanlygy bilen baglanyşyklydyr. Sportuň täze görnüşi Türkmenistanda hem ilkinji ädimlerini ädýär.

Fijital sporty bilen meşgullanmak türgeniň diňe bir beden başarnyklarynyň kämil bolmagyny däl-de, onuň iň täze tehnologiýalardan oňat baş çykarmagyny hem talap edýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň arasynda «Hereketli we sanly sport — sportda innowasiýalar» atly fijital sporty boýunça ýaryşlaryň ýokary derejede geçirilmegine türkmen sportunyň geljegi üçin ähmiýetli waka hökmünde baha bersek, öte geçdigimiz bolmaz. Çünki sportuň bu görnüşini, kähalatlarda «geljegiň sporty» diýip hem atlandyrýarlar.

Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň diller kafedrasynyň mugallymy.