Alkyşdan paýly «Parahat»

14 Aprel 2024
1149

Bu kärhana halkyň isleglerini bireýýäm kanagatlandyrmagy başardy. «Joş», «Eçil», «Han çaý», «Özi», «Ýeserje», «Däp», «Dat», «Süýtli dere», «Han şöhlat» ýaly onlarça meşhur haryt nyşanlaryny öz içine alýan «Parahat» hususy kärhanasy ýurdumyzda iri önüm öndürijileriň hatarynda bellidir. 1993-nji ýylda esaslandyrylan bu kärhana ýerli bazara ilkinji gezek şöhlat önümleri bilen gelen hem bolsa, häzirki wagtda onuň önümçilik gerimi has giňedi.

Soňky ýyllarda «Parahat» hususy kärhanasynyň önümçilik zynjyry tebigy şireler we nektarlar, sowuk çaýlar, gazlandyrylan içgiler, miwe we gök önümlerden taýýarlanylan köp görnüşli pýureler, süýt önümleri, konsentratlar, et önümleriniň dürli görnüşleri bilen baýlaşdy.

Sahypany taýýarlan: Sadap MUHAMOWA, «Biznes reklama».