«Kia» «Sportage» krossowerini, «K8» biznes sedanyny täzelär

14 Aprel 2024
801

«Kia» täze strategiýasynyň çäklerinde ýakyn 3 ýylda 15 sany täze modeli çykarar. Olaryň aglabasy elektrik gurluşy bilen enjamlaşdyrylar. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli her ýylda 1,6 million elektrik ulagy satmagy meýilleşdirýär.

Ýakyn wagtda «Kia» EV2, EV4, EV5 elektrik ulaglaryny we täzelenen EV6 modelini hödürlär. EV3 şu tomus ilkinji gezek satuwa çykar. Şeýle hem kompaniýa elektrik täjirçilik ulaglaryny taýýarlaýar.

Taýýarlan: Guwanç ATAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.