San­ly ul­ga­myň üstün­lik­le­ri

14 Aprel 2024
953

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024

Hä­zir­ki wagt­da teh­no­lo­gi­ýa­nyň we yl­myň ösü­şi gün­sa­ýyn däl-de, sa­gatsa­ýyn öz­ger­ýär. Is­len­dik kär­de üs­tün­lik­le­re eýe bol­mak üçin dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­si­ne sal­gy­lan­ma­ly. XXI asyrda adamzat durmuşyny teh­nologiýasyz göz öňüne ge­tirip bol­ma­ýar. Biziň gündelik işimiz elektron enjamlary, tehnologiýa do­lanyşygy bilen berk bagly boldy. Şol sanda san­ly aragat­naşyk ulgamynyň işi barha kämil­leş­ýär. Soňky ýyllarda san­ly aragatnaşyk ulgamynyň hyzmat ediş tizli-gi-de has ýokarlan­dy. Bu ulgamyň işi­niň ilerlemegi Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň ägirt uly tagallalary bilen älem giňişligine goýberilen «Türkmen Älem 52°E» emeli aragatnaşyk hem­rasyndan gözbaş alýar. Aragatnaşyk hemramyzyň işe giri­zilmegi Türkmenistanyň taryhy üçin möhüm wakala­ryň bi­ri­dir.

Eziz Mu­ham­met­ni­ýa­zow,
Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Har­by-de­ňiz ins­ti­tu­ty­nyň harby ta­ly­by.