Şypahana işi hakynda milli kanunçylyk

5 Aprel 2024
1030

Gülzar AŞYROWA
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň durmuş ulgamynyň ösdürilmegi, möhüm mümkinçilikleriň bir ýere jemlenmegi, dolandyryşyň täzeçil tehnologiýalarynyň we öňdebaryjy usullarynyň işlenip taýýarlanylmagy hem-de ornaşdyrylmagy adam saglygyny goramagyň we pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Munuň özi ilatyň sagdynlygynyň üpjün edilmegini, durmuş ulgamynyň giňeldilmeginiň hasabyna jemgyýetçilik baýlygynyň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar.