Sagdyn ýaşaýşyň gözbaşynda

5 Aprel 2024
1023

Ynsan saglygyny goramak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleriň ösdürilip kemala getirilmegini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny raýatlaryň durmuşyna ornaşdyrmak arkaly keselleriň öňüni almak bilen baglanyşykly meseleler her bir döwletiň içerki we daşarky syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Çünki dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda syýasy-ykdysady, medeni-durmuş, dostlukly jemgyýetçilik gatnaşyklary barha ösýän häzirki wagtda saglyga dahylly meseleler diňe bir ýurt derejesinde däl-de, eýsem, halkara derejede hem tagallalaryň birleşdirilmegini talap edýär. 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde şeýle maksat bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) döredilýär. 1950-nji ýylyň 7-nji aprelinden başlap bu sene ähli dünýä ýurtlarynda dabaraly ýagdaýda bellenilip başlanylýar. Bu baýramçylyk ýylda belli bir şygar astynda geçirilip, BSGG-nyň hünärmenleri tarapyndan tutuş ýylyň dowamynda öwrenilip, «iň agyryly hem-de möhüm mesele» hökmünde gozgalan, dünýä ýurtlarynyň degişli gulluklarynyň we lukmançylyk işgärleriniň bilelikdäki tagallalary bilen çözgüdini tapmak maksat edilýän meselä bagyşlanylýar. Tutuş dünýäde, şol sanda biziň ýurdumyzda-da jemgyýetçilik ýerlerinde, okuw jaýlarynda, edaralardyr kärhanalarda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilip geçilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tutuş Ýer yklymynda saglygy goraýşy gowulandyrmak, kämilleşdirmek boýunça taslamalary, maksatnamalary işläp düzmek we kabul etmek, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak hem-de baha bermek, milli strategiýalary ýerine ýetirmek boýunça köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edýär, saglygy goraýşyň bu babatdaky başlangyçlaryny goldaýar, keselleriň öňüni almak, bejermek boýunça mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam edýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy saglygy goramagyň esasy sütüni bolan sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edip, fiziki işjeňlige onuň iň möhüm şerti hökmünde baha berýär. Fiziki işjeňlik hereketiň islendik bir görnüşini: tans etmegi, ýöremegi, sportuň islendik bir görnüşi bilen meşgullanmagy öz içine alýar. Fiziki işjeňligiň ýetmezçiligi ýokanç däl keselleriň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar.

Maral ALLABERENOWA,
«Saglyk».