Arzuwym — çempion bolmak

25 Mart 2024
808

Stoluň üstünde oýnalýan tennis hakynda men ilkibaşda eşitmedik hem bolsam, häzir bu meniň özüme hemişelik hemra edinen sportum. Adatça, futbol dünýäde meşhurlygy boýunça öňdäki orunda durýar. Şonuň üçinem men ilki futbola imrigipdim. Sebäbi kakamyň, uly oglanlaryň üýşüp, aýratyn gyzyklanma bilen şu oýna tomaşa edýändiklerini kän görüpdim. Halkara derejesinde geçirilýän futbol çempionatlaryndan, onuň netijelerinden hemmeler hem habarly bolýar. Meşhur futbolçylar bolsa kiçijek oglanlaryň söýgüli gahrymanlaryna öwrülýär.

Meniň stol tennisi bilen meşgullanyp başlamagyma mekdebimizde geçirilen sport ýaryşlary sebäp boldy. Şeýdibem, bedenterbiýe mugallymymyň ýardam bermegi bilen etrabymyzdaky sport mekdebine gatnap başladym. Bu ýerde bize tejribeli tälimçiler ýolbaşçylyk edýär. Olar bize stol tennisiniň inçe syrlaryny öwredýärler, yzygiderli türgenleşik sapaklaryny geçýärler.

Muhammet HYDYROW,
Türkmenbaşy şäherindäki 14-nji orta mekdebiň okuwçysy.