2024-nji ýylyň 22 — 24-nji apreli aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Innoprom. Merkezi Aziýa» halkara sergisi geçiriler. 10 müňden gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemlejek sergide sebitiň 400 kompaniýasy öz önümlerini we hyzmatlaryny görkezilişe çykarar. Sergä türkmen telekeçileriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Bu halkara sergä Türkmenistan bilen birlikde, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystanyň, Belarus Respublikasynyň, Täjigistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Azerbaýjanyň wekilleri gatnaşarlar.